RŽD Türkmenbaşy-Türkmenabat demir ýol ugrunyň elektrikleşdirilmegine ýardam bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
RŽD Türkmenbaşy-Türkmenabat demir ýol ugrunyň elektrikleşdirilmegine ýardam bermäge taýýar
"Türkmendemirýollary" agentliginiň otlusy

Russiýanyň demirýollary (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy şäherinden Türkmenabada çenli esasy ugurda Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasynyň elektrikleşdirilmegine ýardam bermäge taýýar diýip, RŽD AGPJ-niň baş direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Pawlowskiý aýtdy.

TASS habarlar gullugynyň şenbe güni habar bermegine görä, Wýaçeslaw Pawlowskiý kompaniýanyň elektrikleşdirmek we işgärleri taýýarlamak babatda kadalaşdyryjy hukuk binýady döretmekde toplumlaýyn çemeleşmeleri hödürlemäge taýýardygyny mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy we RŽD Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodyny döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri boýunça hem ylalaşdylar.

“Okuw maksatnamalary bilen birlikde, türkmen kärdeşlerimiziň Moskwadaky we Sankt-Peterburgdaky demir ýol ulagynyň desgalaryna aýlanyp görmekleri göz öňünde tutulyp, Korporatiw uniwersitetiň mugallymlarynyň Türkmenistana gelip görmekleri hem mümkindir” diýip, Wýaçeslaw Pawlowskiý belledi.

Mundan başga-da, RŽD-niň daşary ýurt taslamalary we halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Lýudmila Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy demir ýol gatnawyny gaýtadan dikeltmek pikirini goldaýandygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022