Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürleri Tähranda geçiriljek ilkinji ECOTEX sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Eýranyň halkara sergi merkezi, Tähran (Surat: Persian Touring)

Türkmen işewürleri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji Tehnologiýalar we innowasiýalar sergisine (ECOTEX) gatnaşmaga çagyrylýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ilkinji ECOTEX sergisi 2024-nji ýylyň 7-10-njy maýynda Tähran şäherinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ECOTEX sergisi innowasiýalar, maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlara gönükdirilendir.

Şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileri şu ýylyň 4–7-nji iýuly aralygynda Eýranda geçiriljek “SITEX 2024” dokma senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

2022