“Baş bina” Türkmenbaşy şäherindäki Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Baş bina” Türkmenbaşy şäherindäki Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurar
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Bu resminama Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri durmuşa geçirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022