Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi
Gazagystan bilen Hytaýyň serhedinde ýerleşýän "Horgos-Gündogar derwezesi" gury porty (Surat: ehonews.kz)

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 2 milliard 598 million 884 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.

Diňe şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanşygy 818 million 207 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 385 million 944 müň ABŞ dollaryna barabar bolan önüm iberdi. Şeýle hem şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan takmynan 212 million 940 müň ABŞ dollaryna deň bolan hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022