Türkmenistanyň Prezidenti “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasyndan bir pursat, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni Aşgabat şäheriniň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany dabara gatnaşýanlaryň öňünde çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde geçirilýän bu dabara bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Bu çäräniň geçirilýän ýerinde ýurduň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, edebi-sazly çeper kompozisiýalary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem seýilgäh toplumynda çeper suratlaryň, heýkelleriň, keramika we haly önümleriniň sergisi guraldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany we dabaranyň myhmanlary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdular.

Dabaranyň ahyrynda dürli yşyklardan we şekillerden utgaşdyrylan şüweleň guraldy.

“Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň meşhur ýaşyjylarynyň we şahyrlarynyň ýadygärlikleri ýerleşýär.

2022