“Gül ülkäm” Türkmenistanda liftleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gül ülkäm” Türkmenistanda liftleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
“Gül ülkäm” hususy kärhanasy “Ak şäherim – Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergisinde, 2024-nji ýylyň 24-25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

“Gül ülkäm” hususy kärhanasy Türkmenistanda liftleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kärhananyň hünärmeni Popyýewa Orazdursun şu ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda geçirilen “Ak şäherim – Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.

“Häzirki wagtda kärhana Türkmenistanda importyň ornuny tutýan harytlary, ýagny lift önümlerini we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kärhanany döretmek boýunça täze taslamasyny düzdi we ony ýurduň degişli edarasyna hödürledi diýip, “Gül ülkäm” hususy kärhanasynyň hünärmeni aýtdy.

Kärhana 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, ol liftleri gurnamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça işleri amala aşyrýar.

“Kärhana tarapyndan häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň birnäçe edara kärhanalarynda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli liftler oturdyldy” diýip, kärhananyň hünärmeni belledi.

“Gül ülkäm” hususy kärhanasy häzirki wagtda Türkmenistan boýunça jemi 210 sany lifte tehniki taýdan hyzmat edýär. “Gül ülkäm” hususy kärhanasy 2020-nji ýyldan bäri bolsa daşary ýurtlardan, ýagny Türkiýeden, Günorta Koreýadan we Hytaýdan liftleri getirmek we olary mantaž etmek işlerini ýerine ýetirip gelýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlarynda we edara binalarynda ornaşdyryljak liftleriň önümçiligini hem-de olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan kärhanany döretmegi meýilleşdirýär.

2022