Türkmenistanda harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçirilen harby okuw meýdan türgenleşikleri, 2024-nji ýylyň 29-njy maýy

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda çarşenbe güni harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň esasy wezipelerinden ugur alyp, Watan goragçylary ýurtda parahatçylygy we asudalygy, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy.

Harby deňizçiler okuw türgenleşiklerine gatnaşyp, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşunlary bilen bilelikde sazlaşykly hereket etdiler hem-de ýurduň deňiz serhetleriniň, tutuş Türkmenistanyň çäkleriniň howpsuzlygyny, bitewüligini üpjün etmekde döwrebap tehnikalara başarnykly erk etmek ukyplaryny görkezdiler.

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň esgerleri ýokary söweşjeň ussatlygyny görkezip, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Okuw türgenleşikleriniň çäklerinde dürli harby tehnikalaryň, şol sanda uçarmansyz uçuş enjamlarynyň, ýaraglaryň beýleki görnüşleriniň sergisi guraldy.

2022