Hindi kompaniýasynyň 30-dan gowragy Türkmenistana gelmäge isleg bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hindi kompaniýasynyň 30-dan gowragy Türkmenistana gelmäge isleg bildirýärler
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda sişenbe güni agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Madhumita Hazarika Bhagatynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ilçi hindi kompaniýasynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistana baryp görmäge we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga isleg bildirýändiklerini aýtdy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň habar bermegine görä, taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri hindi tarapyna porty dolandyrmakda tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy meýdany 150 gektardan gowrak bolup, onuň umumy ýyllyk kuwwatly 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük awtoulagy, 400 müň TEU konteýneri, 3 million tonna ürgün ýükleri we nebit önümleri hasaba almazda 4 million tonna umumy ýükleri geçirmäge ukyplydyr.

2022