Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
Söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahaty, 2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny, Aktau, Gazagystan

“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) çakylygy boýunça şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesine, maglumatlary we resminamalary alyşmagy standartlaşdyrmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanyşyna, söwda we ulag resminamalaryny sanlylaşdyrmak mümkinçiliklerine, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda maglumat alşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmäge garadylar.

Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Transhazar geçelgesiniň port jemgyýetlerinde, hususan-da, Baku, Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynda maglumatlary multimodal alyşmakda BMG-niň SEFAKT standartlaryny ulanmagy hem maslahatlaşdylar.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň birnäçe halkara we milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde guran okuw maslahatynyň maksady geçelgäniň ugrunda maglumatlary we resminamalary alyşmagy sanly ulgam arkaly sazlaşykly ýöretmekde innowasion çemeleşmeleri durmuşa geçirmek üçin degişli ýurtlarda mümkinçilikleri artdyrmakdan we tehniki ylymlary emele getirmekden ybaratdyr.

2022