Türkmen telekeçileri oba hojalyk, azyk önümlerini BAE-ne eksport etmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri oba hojalyk, azyk önümlerini BAE-ne eksport etmäge taýýar
“Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahaty, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýew sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk we azyk önümlerini BAE-niň bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.

“Oba hojalygy pudagyny bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek hem-de hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň möhüm ugruna degişli bolup durýar. Bu ugurda hususyýetçilere ýurtda uly goldaw berilýär” diýip, Nökerguly Atagulyýew aýtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy ýurduň oba hojalygy we azyk senagatyny gaýtadan işleýän pudagynyň kuwwatlylygyny artdyrmakda hem birleşmäniň agzalary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny we soňky ýyllarda birleşmäniň agzalary tarapyndan işe girizilen täze önümçilikleriň ýurda süýt we süýt önümleriniň, süýji-köke önümleriniň, şöhlat we beýleki et önümleriniň, gaplanan gök, miwe we guradylan önümleriniň, alkogolsyz hem-de şerbetli içgileriniň importyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berendigini belledi.

Şeýle hem Nökerguly Atagulyýew häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 70%-den hem gowrak derejä ýetendigini nygtady.

Nökerguly Atagulyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we pudaklarynda iş alyp barýan 29 müňe golaý hususyýetçileri birleşdirýän iň iri döwlete degişli däl guramanyň biri bolup durýar.

2022