2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory, şu ýylyň güýzünde Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 17-nji mejlisi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seretdiler.
Aýdylanlara goşmaça, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň býurosynyň baş direktorynyň şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny bellemek gerek.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy