Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

TDH
Elektroenergetika pudagy — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti
"Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2023" atly halkara sergi, 2023-nji ýlyň 6-7-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegi talap edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilmegi hem pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelenildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde soňky ýyllarda onuň düzüminiň üsti gaz turbinaly elektrik beketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda gurlan elektrik beketler bilen ýetirildi. Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň düýbüni tutmak dabarasy geçirilipdi. Bu iri desga ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna gönükdiriler, şeýle hem ony goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi-de elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň öndürilmegine uly üns berilýär. Balkan welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýan täze, döwrebap obalary ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge şert döreder. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini döretmek boýunça işler geljekde-de giň gerimde dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesi öňde goýlup, bu ugurda netijeli işler alnyp baryldy. Bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda guruldy. Taslamanyň Mary — Ahal bölegi bolsa 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taslamanyň üçünji tapgyrynyň — Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de bu tapgyryň çäklerinde her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri guruldy. Jemi uzynlygy 572 kilometre ýetýän Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmäge mümkinçilik berdi. Energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly Diýarymyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün eder. Şonuň netijesinde, energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary sarp edijilere päsgel bermezden bejermek hem-de döwrebaplaşdyrmak mümkin bolar.

Täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başyndan bäri birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda iri taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde elektroenergetika pudagyna garamagy teklip etdi. Gürrüň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar. Bu mesele geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde Aşgabatda bolan duşuşygyň barşynda Prezident Emomali Rahmon bilen ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şunda iki ýurduň elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Duşuşykda senagat, energetika, ulag ulgamlary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge itergi berjekdigine, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisini, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmegiň meseleleri 23-nji iýulda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň başlyklarynyň, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşygyň hem üns merkezinde boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň ykdysadyýetini, durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Munuň şeýledigine döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary hem şaýatlyk edýär.

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz iki ýurduň energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Hususan-da, Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine üns berildi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan elektrik stansiýasyndan geljekde türk tarapyna elektrik energiýasyny eksport etmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergetika kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Olarda öndürilýän elektrik energiýasy ýurdumyzyň içerki bazaryna, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýär.

Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýet “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy awgustda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika pudagynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtady. Çykyşynda döwlet Baştutanymyz häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, sebitiň ýurtlarynyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda Merkezi Aziýa döwletleriniň eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygyny belledi. Bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr. Şeýle ulgam sebitiň ýurtlaryny dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzda senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitleriň okgunly ösüşini, ata Watanymyzyň halkara energoulgamyna sazlaşykly birleşmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Çeşme: TDH

2022