Häzirki Eýran senenama ýylynyň ilkinji bäş aýynda (2024-nji ýylyň martyndan bäri), Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Sarash serhedi arkaly 1 million 50 müň tonna haryt daşaldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bu barada “IRNA” ýazýar.
Sarahs demir ýol serhedindäki umumy daşary söwdanyň 600 müň metrik tonna golaýy harytlaryň serhetara görnüşine degişlidir. Bu bolsa degişli döwürden 55% ýokarydyr diýip, Horasan welaýat demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri habar berdi. Şeýle hem, 526 müň metrik tonna serhetara ýükleriň Türkmenistandan eksport edilýän ýüklere degişlidigini aýtdy. Bu Sarahs — Bender-Abbas demir ýol geçelgesinde üstaşyr ýük gatnawynyň 78%-ini emele getirýär.
Eýranyň eksport ýükleri Türkmenistana, Täjigistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ugradyldy. Eksport edilýän harytlaryň uly bölegini sement we gurluşyk materiallary tutýar diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme: “Türkmendemirýollary” agentligi