Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudaklaryny düýpli özgertmek, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň agrosenagat pudagynyň düzümlerinde örän möhüm kararlary kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligini we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda” №240-njy Karara gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi gaýtadan gurnaldy we onuň esasynda Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döredilmegi bilen baglylykda, FAO/GEF taslamasynyň “Merkezi Aziýa we Türkiýede oba hojalygy öndürijiliginiň guraklyga we şorlaşmaga sezewar bolan ýerlerinde tebigy serişdeleri toplumlaýyn dolandyrmak (ISCZUZR-2)” atly taslamasynyň esasy milli hyzmatdaşynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we ministrligiň merkezi edarasynyň hem-de onuň bölümleriniň işini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin işgärlerini kompýuter enjamlary bilen üpjün etmek wajyplygy ýüze çykdy.
Şonuň üçin ISCZUZR-2 taslamasy döwrebap enjamlar toplumyny (15 kompýuter, 15 noutbuk, maglumatlary saklamaga niýetlenen degişli enjamlary bolan iki güýçli serwer, iki köpugurly reňkli printer, şeýle hem kartografiki maglumatlary çap etmek üçin plotter (reňkli suw çalgy printeri)) satyn alyp, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine we onuň düzümlerine (Tokaý hojalygy müdirligine, Çöller, ösümlikler we haýwanat dünýäsiniň milli institutyna) ylmy we amaly işlerinde ulanylmaga berdi.
Döwrebap enjamlar ministrligiň maddy-tehniki kuwwatyny gowulandyrmaga ýardam eder we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.
Bu guraklyga, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin sanly ulgamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle hem oba hojalygy önümçilik ýerleriniň kartasyny GIS tehnologiýalaryny ulanmak arkaly düzüp, meseleleriň üstünlikli çözülmegini üpjün eder.
Çeşme: FAO