2024-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli resminamalar kabul edildi. Olar indi Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resminalary hökmünde BMG-niň alty dilinde elýeterlidir. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy sişenbe güni habar berdi.
Şolaryň hatarynda “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň duşuşygyň Jemleýji jarnamasy, Halkara bilermenleriň “Energiýa baglanyşygyny gowulandyrmak: Hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüşe ýetmek” atly mejlisiniň jemleýji hasabaty bar.
Mundan öň, BMG-niň Baş Assambleýasy 79-njy sessiýasynyň 2-nji dekabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi.
Garaşsyzlygyny alanyndan birnäçe aý geçenden soň, ýagny, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. BMG-niň düzümine goşulan wagtyndan bäri Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş başlangyçlaryny goldamak bilen bu ugurda halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG tarapyndan 1995-nji ýylda resmi ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynda möhüm waka boldy.