Paýdarlaryň hukuklary we bоrçlary

BT
Paýdarlaryň hukuklary we bоrçlary
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, ähli paýdarar şu Kanundan we jemgyýetiň tertipnamasyndan gelip çykýan hukuklara we borçlara eýelik edýärler.

Paýdarlar aşakdaky hukuklara eýedir:

  • jemgyýetiň tertipnamasynda kesgitlenen jemgyýetiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga;
  • jemgyýetiň işinden gelýän girdejiniň bir bölegini (diwidendleri) almak;
  • özlerine degişli jemgyýetiň paýnamalary bilen şu Kanunda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde geleşikleri amala aşyrmak;
  • paýnama tarapyndan berilýän hukuklary (ýa-da hukuklaryň bir bölegini) öz wekiline (wekillerine) bermek;
  • jemgyýetiň işi hakynda habar almak, şol sanda buhgalterçilik hasaba alşyň we hasabatlylygyň maglumatlary we beýleki resminamalar bilen jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde tanyşmak;
  • jemgyýet ýatyrylan halatynda algydarlar bilen hasaplaşyklardan sň galan emlägiň gymmatynyň bir bölegini ýa-da nuň gymmatyny Türkmenistanyň kanunçylygynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde almak;
  • jemgyýet tarapyndan kabul edilen kararlary kazyýet tertibinde jedelleşmek.

Paýdarlar şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara, şоl sanda jemgyýet tarapyndan öndürilýän önümleri (hyzmatlary) almaga, jemgyýetiň täze gýberiliş paýnamalaryny edinmäge blan ýeňillikli hukuga eýe bolup bilerler.

Paýdarlar aşakdakylara borçludyrlar:

  • paýnamalary jemgyýetiň esasdandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan tertipde, möçberde we usullarda tölemäge;
  • jemgyýetiň işi hakyndaky ýaşyryn habary jar etmezlige hem-de jemgyýete zyýan ýetirip biljek islendik işden saklanmaga.

Hiç bir başga borçlar paýdarlaryň razylygy blmazdan laryň üstüne ýüklenip bilinmez. Paýdarlara belli bir borçlary ýükleýän tertipnamanyň düzgünleri, jemgyýetiň dlandyryş we gözegçilik ediji edaralarynyň kararlary hakyky däldir.

Paýdar jemgyýetiň emläginiň düzümine girýän aýratyn emläge, şol sanda paýdar tarapyndan girizilen emläge blan eýeçilik hukugyna eýelik etmeýär.

Paýdaryň öz edinen paýnamalaryny töläp yzyna almagyny jemgyýetden talap etmäge haky ýkdur, şu maddanyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Paýdarlaryň umumy ýygnagy aşakdaky kararlary kabul eden halatlarynda özlerine degişli paýnamalaryň hemmesini ýa-da bir bölegini satyn almagyny jemgyýetden talap etmäge ses beriji paýnamalaryň eýeleri blan paýdarlaryň haky bardyr:

  • jemgyýeti üýtgedip guramak hakynda;
  • uly geleşigi amala aşyrmak hakynda, nuň närsesi blsa şeýle geleşigi amala aşyrmak hakynda karar kabul edilen senä çenli jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmatyndan 50 göterim ýkary gymmaty blan emläkdir;
  • şu tertipnama üýtgetmeler we gşmaçalar girizmek hakynda ýa-da laryň hukuklaryny çäklendirýän rejelenen görnüşdäki tertipnamany tassyklamak.

Eger paýdarlar görkezilen kararlaryň kabul edilmeginiň garşysyna ses beren ýa-da ses bermäge gatnaşmadyk halatynda, nda paýdarlarda şeýle talaby etmek hukugy döreýär. Jemgyýet larda şeýle hukugyň barlygy, töläp yzyna almagyň bahasy we tertibi hakynda paýdarlary habarly etmäge brçludyr.

Çeşme: “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022