Türkmenistanda iri haly öndürijileriň biri “Abadan haly” kärhanasy özüniň dokuz ýyllygyny belleýär. Şu waka mynasybetli kompaniýa ajaýyp bezegi we 200 müň çitimi özünde jemleýän dykyzlygy bilen tapawutlanýan “Çeper” atly täze halylar toplumyny hödürleýär.
“Çeper” halylary – bular 50% polýesterden we 50% hem polipropilenden taýýarlanylan “Abadan halynyň” giň görnüşli önümleriniň iň täze nusgalary bolup durýar. Haly önümçiliginde ulanylýan polipropilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Jut, boýag, sintetik süýüm we kleý ýaly goşmaça serişdeler Türkiýäniň, Bangladeşiň we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden getirilýär.
Häzirki wagtda kärhana bäş sany dürli görnüşli – “Nusaý”, “Kerwenli”, “Güneş”, “Ýalkym” we täze “Çeper” halylaryny öndürýär. Bulardan “Nusaý” görnüşi has dykyzlygy we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi “Abadan halynyň” dürli baha görnüşlerinde alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýandygyny görkezýär. 1 müňe golaý nagşy bolan ajaýyp önüm toplumy kompaniýa dürli islegleri içeriniň gelşigine görä kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Belgiýadan we Germaniýadan getirilen, her bir önümiň ýokary takyklygyny we hilini üpjün edýän häzirki zaman tehnologiýalar “Abadan halynyň” üstünlikleriniň açary boldy. Kärhana halkara “ISO” standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylandyr. Munuň özi kärhananyň ýokary hilli önümleri öndürmäge çalyşýandygyny tassyklaýar.
700-e golaý işgäri bolan kärhana ilaty iş bilen üpjün etmekde täze mümkinçilikleri hödürlemek bilen ýerli ykdysadyýetde möhüm orun eýeleýär. Halyçylyk däpleriniň häzirki zaman innowasiýalary bilen oýlanyşykly utgaşdyrylmagy kärhana türkmen halkynyň medeni mirasynyň we häzirki döwrüň bezeg aýratynlyklarynyň sazlaşygyny özünde jemleýän halylary döretmäge şertleri döredýär.
2016-njy ýylda açylan “Abadan haly” kärhanasy diňe bir dykyzlygy we galyňlygy bilen däl, eýsem, reňkiniň solmazlygy, ajaýyplygy we uzakmöhletleýinligi bilen daşyndan getirilýän önümlerden tapawutlanýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhana Türkmenistanyň ähli ýerindäki öýlere we edaralara bezeg berip, ussatlyk, täzeçillik hem-de müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen bazarda öz ornuny barha berkidýär.