Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler

BT
Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler
Türkmenistanyň DIM-niň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 27-nji maýy, Almaty, Gazagystan

2025-nji ýylyň 13 – 15-nji maýynda Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty (CACCC-2025) geçiriler. Ýedinji gezek geçiriljek çäre howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere maýa goýumlary çekmäge, sebit hyzmatdaşlygyna we durnukly ösüşe bagyşlanylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berýär.

Merkezi Aziýanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň wekilleri we bilermenler howanyň üýtgemegi bilen bagly wezipelere maýa goýumlary çekmek meselelerini, sebitiň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini ara alyp maslahatlaşarlar. Suw we energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek esasy ugurlar bolar.

Gatnaşyjylar Milli derejedäki goşantlarda kesgitlenilenleriň üçünji nusgasynyň (ONUW 3.0) üstünde alnyp barlan işleriň netijelerini tanyşdyrarlar hem-de howa hereketleri ulgamynda sebit ösüşine syn bererler. Maslahatda howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, çölleşme we buzluklaryň eremegi ýaly wehimlere hem aýratyn üns berler.

Bu maslahatyň guraýjysy bolup Merkezi Aziýa sebit ekologiýa merkezi Bütindünýä banky, Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasy (CAWEP), “RESILAND CA+” maksatnamasy hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Çärä şahsy gatnaşyk görnüşinde gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär. Oňa sanly ulgam arkaly hem gatnaşyp bolýandyr.

2022