Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar ylym, ekologiýa, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ulag geçelgelerini ösdürmek babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" taslamasyna aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, ol hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşýar.
Ulag düzümleri barada özara pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň geljegi uly Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýetini, onuň mümkinçilikleriniň iri möçberli ýükleri daşamakda ýoly we oňa sarp edilýän wagty ep-esli azaldýandygyny belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, deňiz porty Gara deňiz sebitiniň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýär. Duşuşyga gatnaşyjylar Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde deňiz portunyň ygtybarly baglanyşdyryjy merkez boljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa komissary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.