Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde geljek ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegi teklip etdi.
Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin ýörite gazna döretmek we öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine gatnaşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şolaryň hatarynda ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanyp Ýaponiýada geçiriljek “Green EKSPO-2027” sergisi, Belgrad şäherinde geçiriljek sport we saz ugruna ýöriteleşen “EXPO-2027” sergisi bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de degişli ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.