Türkmenistanyň gallaçy babadaýhanlaryň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gallaçy daýhanlaryny hem-de oba hojalyk pudagynyň işgärlerini gutlady. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle bellenilýär: “Eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasylynyň öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Munuň özi guşgursak bugdaýyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly itergi bermek bilen, daýhanlaryň durmuş abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna täsir edýär.
Türkmen gallaçy babadaýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da, şu galla oragy möwsüminde hasyl ýygnamak işlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça satyn alnan John Deere we CLAAS kysymly häzirki zaman galla orujy kombaýnlary giň gerimde çekilmegi üpjün edildi.
“Ýurdumyzda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi we ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.” diýip, Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda belledi.
Galla oragy möwsümi 7-nji iýunda başlandy – ilki bilen oraga Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler. 14-nji iýundan bolsa, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary hem galla ýygnamak işine goşuldylar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


