Türkiýe 2025-nji ýylyň maý aýynda 120,03 million kub metr tebigy türkmen gazyny import etdi. Bu görkeziji Türkiýäniň şol aýdaky tebigy gaz importynyň 3,39 göterimini düzdi. Bu barada Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdiriji edara (EPDK) salgylanyp, "Report.az" neşiri çarşenbe güni habar berdi.
Çap edilen statistiki maglumatlara görä, Türkiýäni tebigy gaz bilen esasy üpjün edijileriň arasynda Türkmenistan bäşinji orny eýeleýär. Sanawda birinji orunda 33,7% paý bilen Russiýa, onuň yzyndan Azerbaýjan (29,87%), Eýran (22,37%) we Alžir (7,96%) gelýär.
Türkiýe maý aýynda jemi 3,54 milliard kub metr tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,79% ýokarydyr. Şol möçberiň 89%-den gowragy turbageçirijiler arkaly ugradyldy. Turbageçiriji arkaly import edilen gazyň möçberi 35,3% ýokarlandy.
Türkmen tebigy gazynyň Türkiýä eksporty 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň hökümet wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Resminama laýyklykda her ýyl 2 milliard kub metr gazy eksport etmek göz öňünde tutulandyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


