Duşenbe güni «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ösüp barýan, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň öz çykyşynda bellemegine görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) ulag çykdajylary eksport söwdasynyň umumy bahasynyň 15–20 göterimine çenli ýetýär. Şol bir wagtyň özünde, kenarýaka ýurtlarda bu görkezijiniň diňe 7–10 göterime deň bolýandygy nygtaldy.
Forumyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň 80 göterimden gowragy çig mal önümlerine we pes goşmaça bahaly harytlara eksport taýdan garaşlydyr. Munuň özi olaryň daşarky söwdasynyň 60 göteriminden gowragyny düzýär. Gepleşikleriň dowamynda ykdysadyýetleriň diwersifikasiýasyny we geografik päsgelçilikleri göz öňünde tutmak bilen logistika infrastrukturasynyň ösdürilmegini üpjün etmek zerurdygy bellenildi.
Forumda ýaşlaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda ilatyň ortaça ýaşynyň 24,5 ýaşa barabar bolmagy önümçiligiň ýokarlandyrylmagy hem-de innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ýurtlardaky ýaş hünärmenleriň ykdysady işjeňligi $2,5 trilliondan gowrak bolup, bu dünýä jemi içerki önüminiň 2,2 göterimine deňdir.
Forum BMG-niň «Ýaşlar — 2030» atly strategiýasynyň çäklerinde geçirilýär we ýaş nesliň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Awaza Hereketleriň Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bu çäre BMG-sy bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýän Türkmenistan tarapyndan geçirildi. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Rezolýusiýanyň ýerine ýetirilişine goşant hökmünde uly ähmiýete eýedir.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


