Awazada 5–8 awgust aralygynda geçirilen BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji konferensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdiýew we demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň esasy mowzugy Türkmenistanyň deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly logistika ulgamyny kämilleşdirmek we eksport-import amallaryny giňeltmek boldy.
Taraplar şeýle hem awtoulag we demir ýol gatnawlary, halkara multimodal ulag geçelgeleriniň ösdürilişi boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Ulaglar ministrligi habar berdi.
Şeýle derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de sebitiň ulag ulgamynyň integrasiýasyna täze şertleri döretmäge ýardam edýär.
Türkmenbaşy halkara deňiz porty Hazar sebitindäki iň iri we döwrebap portlaryň biridir. Onuň umumy meýdany 150 gektardan geçýär. Portyň ýyllyk ýük geçirmek ukyby 17 million tonna çenli barýar. Şeýle-de, port ýylda 300 müň ýolagçyny, 75 müň ýük ulagyny hem-de 400 müň TEU konteýneri kabul edip biler. Mundan başga-da, port ýylda 3 million tonna töweregi dökme ýükleri we 4 million tonna umumy ýükleri (nebit önümleri hasaba alynmazdan) daşamaga ukyplydyr.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


