Hytaýyň CNPC kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň senagat taýdan özleşdirilmegine başlar. Bu tapgyryň taslama kuwwaty ýylda 10 milliard kub metr tebigy gazyň öndürilmegini göz öňünde tutýar diýip, "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahatynda belledi.
Babaýewiň bellemegine görä, bu tapgyryň maliýeleşdirilmegi dolulygyna döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.
Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Hytaýa we Özbegistana iberilýär, iň uly alyjy bolsa Hytaý bolup galýar. Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahamçalary boýunça her ýyl takmynan 40 milliard kub metr gaz iberilýär. D şahamçasynyň doly işe girizilenden soň bu möçberi 65 milliard kub metre çenli artdyrylar, bu bolsa tebigy gazyň iberilişiniň durnuklylygyny ösdürer.
“Galkynyş” gaz käni Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy çeşmesi bolup durýar. Senagat taýdan özleşdirmegiň ýedi tapgyrynyň çäginde birinji tapgyr üstünlikli ýerine ýetirildi — ýylda 30 milliard kub metr kuwwatly üç sany tebigy gaz arassalaýjy zawod guruldy, diýip konserniň başlygy belledi.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi 24-nji oktýabra çenli dowam eder.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


