Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi 13% artdy

BT
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi 13% artdy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberi 2025-nji ýylyň ýanwar-iýul aýynda 1,28 million tonna barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13% ýokarydyr. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň ýurduň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda çap edilen makalasynda habar berilýär.

Ilçiniň bellemegine görä, üstaşyr ýükleriniň takmynan 76%-i “Gündogar – Günbatar” ugry boýunça demir ýol ulaglary arkaly daşalýar. Azerbaýjan we Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler.

Soňky ýedi ýylyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygy üç esse artdy we 2024-nji ýylda bu görkeziji 383 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu ösüş işjeň maýa goýum hyzmatdaşlygynyň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesi boldy.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 118,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022