Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýere Hoja¬myrat Geldimyradowa eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer Geldimyradow şu ýylyň ýanwar–noýabr aýlaryň esasy ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişine görä, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy.
Hökümet mejlisinde ýurduň şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriniň jemleri jemlendi.





30635-495x4352.jpg)











