Türkmenistandan Gyrgyzystana pagta ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär

BT
Türkmenistandan Gyrgyzystana pagta ibermegiň mümkinçilikleri öwrenilýär
Türkmenistanda pagta ýygymy

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan türkmen pagta çig malyny Gyrgyzystanyň kärhanalaryna ibermek meselelerini we bu çig malyň esasynda taýýar dokma önümlerini öndürmegi ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň Işewürler geňeşiniň müdiriýetiniň agzasy, Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň prezidenti Danil Ibraýew “Birinçi radio” radio ýaýlymynyň gepleşiginde habar berdi. 

Danil Ibraýewiň bellemegine görä, öndüriljek taýýar önümler Gyrgyzystanyň içerki bazarynda amala aşyrylar, şeýle hem daşary ýurtlara, şol sanda Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza döwletlere iberiler.  

“Türkmenistan pagta önümlerini uly möçberde öndürýär. Häzirki wagtda biz onuň Gyrgyzystana iberilmegini ýola goýmagyň hem-de bu ýerde dokma önümçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys”, - diýip, Ibraýew nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar şeýle hem oba hojalyk önümlerini özara ibermek mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistandan Gyrgyzystana gök-bakja önümi bolan pomidorlar ugradylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022