Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hem-de ýurduň halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan köptaraply hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, Aşgabadyň we Manamanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa berk jan saglyk, abadançylyk, asylly döwlet işinde üstünlikleri, Bahreýniň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni her ýylyň 16-njy dekabrynda bellenilýär we 1971-nji ýylda ýurduň garaşsyzlygyny gazanmagy hem-de Bahreýn Patyşalygynyň ilkinji hökümdary Isa bin Salman Al Halifanyň tagta geçmegi bilen baglanyşyklydyr.






30734-495x4352.jpeg)











