AÖB Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny ösdürmäge $500 mln maýa goýdy

BT
AÖB Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny ösdürmäge $500 mln maýa goýdy
Aziýanyň Ösüş Bankynyň merkezi edarasy, Manilia, Filippinler (Surat: AÖB)

2018-nji ýyldan bäri Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanda elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaş bolup gelýär. Bahasy 500 mln ABŞ dollaryna deň bolan “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasy” atly taslama bu pudakda bankyň gatnaşmagynda amala aşyrylan ilkinji iri başlangyç boldy, diýip bank duşenbe güni habar berdi.

Taslamanyň çäklerinde Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde uzynlygy takmynan 1,4 müň kilometre deň bolan 110, 220 we 500 kWt ýokary elektrik geçiriji ulgamlarynyň we 11 sany podstansiýalarynyň gurulmagy maliýeleşdirildi. 

Amala aşyrylan taslamanyň netijesinde ýurduň elektrik energiýasynyň eksporty 2017-nji ýyldaky gorkezijisinden, yagny 3,4 terawat-sagatdan, 2023-nji ýylda 9,3 terawat-sagada çenli artdy. Şeýle hem, Ýaponiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasynyň (JFPR) 1,5 mln ABŞ dollarlyk grantynyň hasabyna tehniki kömek berildi.

Bu taslamada “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy AÖB-niň hyzmatdaşlaryndan biri bolup, onuň maliýe goşandy 175 mln ABŞ dollaryna deň boldy.

Aziýa Ösüş Banky — Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşini goldamak maksady bilen döredilen halkara maliýe guramasy bolup, döwletlere karzlar, grantlar we tehniki goldawlary berýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022