Zangezur geçelgesi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýewropa täze ýollary açýar

BT
Zangezur geçelgesi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýewropa täze ýollary açýar
Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýükleriň daşalmagy

Zangezur geçelgesi Ýewraziýanyň geoykdysady binýadynyň esasy bölegi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky alternatiw guryýer gecelgesi bolup, bu ugurda sany çäkli bolan üstaşyr ulag geçelgelerine baglylygy peseldýär. 

Logistika taýdan geçelge häzirki hereket edýän ugurlary gaýtalamaýar, eýsem alternatiw ýoly kemala getirýär. Bu hem üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, durnuklylygy we has çeýe nyrh şertlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi. 

Zangezur geçelgesi kem-kemden Orta geçelgäniň bir bölegine öwrülýär. Bu ýol Hytaýy, Merkezi Aziýa ýurtlaryny, Hazar sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýär hem-de doly derejeli, özbaşdak ulag ugruna öwrülýär. Täze geçelge Baku–Tbilisi–Kars ugruny hem goşmak bilen üstaşyr ugruň umumy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. 

Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan — üçin täze guryýer ugurlarynyň ösdürilmegi Türkiýäniň we Ýewropanyň bazarlaryna çykmakda has giň mümkinçilikleri döredýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugur wagtyň geçmegi bilen Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky adaty ýollara alternatiwa bolup biler.

2022