“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň garamagyndaky Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda täze guýudan tebigy gaz akymy alyndy. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan “Hazarly–3” gaz guýusy gije-gündizde 120 müň kub metr möçberinde tebigy gaz çykarmaga mümkinçiligi bolan, Hazarly meýdançasynda senagat taýdan gaz akymynyň tassyk edilen ilkinji guýusy boldy.
Müdirlik boýunça şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine görä, gaz çykarmak baradaky meýilnama 101 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Ýyl boýunça 9,3 milliard kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilip, ýanwar-noýabr aýlarynda 8,5 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy.
Hasabat döwründe 3,37 milliard kub metr gaz eksport etmek meýilleşdirilen bolsa, “mawy ýangyjyň” hakyky iberilen möçberi 4 milliard 750 million kub metrden geçdi. Şeýle hem gaz kondensatynyň öndürilmegi meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri tarapyndan täze “Hazarly–2” gaz guýusy hem ulanmaga berildi.


















