Türkmenistan we Ermenistan Ýerewanda işewür hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Ermenistan Ýerewanda işewür hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini maslahatlaşdylar
Türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy, 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwary, Ýerewan, Ermenistan (Surat: Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Ýerewan şäherinde penşenbe güni Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Çärä iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika ulgamy, şaý-sepler pudagy hem-de zergärçilik ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüş depginini bellediler, iki döwletiň çäginde iş alyp barmak üçin döredilen şertlere baha berdiler hem-de özara maýa goýumlaryny çekmegiň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Ermenistanyň maýa goýum we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda, şeýle hem B2B görnüşindäki işewür gepleşikler geçirildi. Olaryň çäginde türkmen we ermeni kompaniýalarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny, şeýle hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda Aşgabatda we Ýerewanda Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşyldylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022