Türkiýe Respublikasy 2026-njy ýylda türkmen tebigy gazyň importyny gaýtadan dikeltmegi hem-de onuň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar “TRT Haber” teleýaýlymyna beren intrewýusynda mälim etdi. Bu barada “Interfax” şenbe güni habar berdi.
Ministriň bellemegine görä, 2026-njy ýylda türkmen tebigy gazynyň iberilip başlanmagy we onuň möçberleriniň artdyrylmagy nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şeýle-de Alparslan Baýraktar Alžir bilen baglaşylan gaz şertnamasynyň täzeden seredilip, onuň möhletiniň uzaldylmagynyň meýilleşdirilýändigini, şol bir wagtyň özünde gaz üpjünçiliginiň alternatiw çeşmeleriniň hem öwrenilýändigini aýtdy.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň döwlet nebit-gaz kompaniýasy BOTAŞ-yň baş direktory Abdulwahit Fidan Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny uzakmöhletleýin we uly möçberde import etmäge taýýardygyny mälim edipdi.


















