Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndan geçen hepde demir ýol arkaly Türkmenistana granulirlenen raps şroty ugradyldy. Bu barada duşenbe güni “Uçalinskaýa gazeta” neşiri habar berdi.
Önüm ýag öndürýän zawodda öndürilip, “Rosselhoznadzoryň” hünärmenleri tarapyndan fitosanitar gözegçiliginden geçirildi.
Iri we ownuk mallar hem-de guşlar üçin niýetlenen ýokary belokly bu iýmit goşundysynyň umumy möçberi 213 tonnadan ybarat bolup, synag maksatly üç tapgyrda resmileşdirildi. Laboratoriýa barlaglary raps şrotunyň hiliniň Türkmenistanynyň fitosanitar talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklady.
Raps şrotunyň ugradylmagy telekeçiligi goldamaga we çig mal däl eksporty ösdürmäge gönükdirilen “Halkara kooperasiýa we eksport” milli taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.


















