Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele sapary meýilleşdirilýär

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele sapary meýilleşdirilýär
Ýewropa Geňeşiniň edara binasy, Brýussel, Belgiýa (Surat: BT)

Aşgabat bilen Brýussel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtyna boljak saparyna taýýarlyk görýär. Sapary geçirmek baradaky çözgüt kabul edilip, häzirki wagtda taraplar saparyň geçiriljek senelerini ylalaşýarlar. Bu barada sişenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine hem-de 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilýän hyzmatdaşlyk ugurlaryna bagyşlanan metbugat ýygnagynda mälim edildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Parlamentiniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýewropa komissarlary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Saparyň gün tertibine syýasy dialog, energetika howpsuzlygy, bilim ulgamy hem-de ýaşlar maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri giriziler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele saparynyň geçiriljek seneleri boýunça geňeşmeler dowam etdirilip, gepleşikleriň geçiriljek wagtyna çenli gol çekmek üçin ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyny taýýarlamak meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa habar berdi.

Aşgabat bilen dialogy ösdürmegiň çäklerinde Ýewropa Parlamenti Giňişleýin hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ratifikasiýa etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Söwda we onuň bilen bagly meseleler hakyndaky wagtlaýyn Şertnama esasynda alnyp barylýar. ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň aýtmagyna görä, ylalaşygy ratifikasiýa etmek meselesine mart aýynyň başynda Brýusselde geçiriljek parlamentara duşuşykda seredilmegine garaşylýar.

2022
ENG TM РУС