Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy daşary ykdysady iş alyp barýan hususy pudagyň wekillerini we logistika kompaniýalaryny 27-nji fewralda geçiriljek iş maslahatyna çagyrýar. Çäre gümrük işi ulgamynda hukuk kömegini bermäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri Türkmenistanyň çäginden harytlaryň eksporty we ýurduň çägine importy boýunça hukuk taýdan düzgünleşdirilýän meseleleri, gümrük amallaryny ýerine ýetirmegiň tertibini, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplary, şeýle hem daşary ykdysady iş alyp barýan gatnaşyjylaryň amaly işinde ýüze çykýan beýleki ugurlar barada düşündirerler.
Iş maslahaty Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Halkara gümrük terminalynyň 1-nji gatynda ýerleşýän ýygnaklar zalynda geçiriler. Iş maslahaty 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda sagat 10:00-da başlar.
Iş maslahaty boýunça gyzyklanma bildirilýän goşmaça soraglar boýunça taraplar “Sorag-jogap” hyzmatynyň mümkinçiliginden 39-41-39 telefon belgisi arkaly peýdalanyp bilerler.









31268-90x604.jpg)








