Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, sergini şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem forumyň çäklerinde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy tarapyndan okuw maslahatyny, “tegelek stoluň” başyndaky iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer häzirki wagtda foruma gatnaşmak isleýänleri hasaba almak işleriniň dowam edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Bahar Seýidowa Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi we wise-premýere Aşgabatda geçiriljek “Turkmentravel — 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gowy taýýarlyk görmek, ony ýokary derejede geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















