“Gök depeler” hojalyk jemgyýeti soňky sekiz aýyň dowamynda Azerbaýjana, Özbegistana, Täjigistana, Pakistana jemi bahasy 2 million ABŞ dollaryna deň bolan kagyz eksport etdi. Bu barada “Gök depeler” hojalyk jemgyýetiniň sosial ulgamyndaky sahypasynda şenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Gök depeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup sellýulozadan kagyz öndürip başlady. Kärhananyň ýokary hilli kagyz önümleri içerki we daşarky bazarlarda satylýar.

“Gök depeler” hojalyk jemgyýeti 2022-nji ýylda esaslandyrylyp, 2025-nji ýylyň başynda önümçiligi başlandy. Kärhana öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen ýokary tizlikli göçürijiler, printerler we neşirler üçin niýetlenen tekiz, açyk we çydamly kagyz öndürýär.
Kärhana ofset kagyzlary, depder/kitap kagyzlary, gaplama we paket kagyzlary we A4 ölçegli kagyzlary öndürýär. Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň 100 göterim sellýulozadan çykarýan kagyz önümleri rulon we paçka görnüşinde müşderilere elýeterlidir.

















