Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 57 million 883 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň hemde Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig we distillirlenmedik ýagly turşulygy ýerlenildi.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 61 million 120 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

















