Aprel-maý: “Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça nyrhlary peseltdi

BT
Aprel-maý: “Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça nyrhlary peseltdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy aprel we maý aýlarynda Kazan – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň awiabiletlarynyň bahasyny peseltdi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Kazan bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdäniň dowamynda bäş gezek — duşenbe, sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilýär.

Biletleri Russiýadaky baş agentiň resmi web sahypasyndan, şeýle hem agentiň Moskwa, Sankt-Peterburg we Kazan şäherlerindäki ofislerinden satyn alyp bolýar.

Şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala-Lumpur, Dubaý, Frankfurt, Deli, Pekin, London, Stambul we Seul ýaly birnäçe ugurlar boýunça halkara uçuşlary amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022