Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary ýylyň dowamynda 2 müň 900 gektar meýdanda ýeralma ýetişdirip, 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, günbatar sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz möwsüminde 1 müň 100 gektarda ekilen sogandan ýygnaljak hasylyň möçberini 27 müň 500 tonna ýetirerler.
Şeýle hem ýaz möwsüminde welaýatda kelemdir käşiriň ekişi irki agrotehniki möhletlerde tamamlanyp, häzir ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Geljek hasyl döwründe 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň umumy möçberiniň 5 müň 750 tonnadan geçmegine garaşylýar.
Şeýle-de welaýatyň zähmetsöýer ekerançylary jemi 470 gektar meýdana ekilen käşirden 8 müň 460 tonnadan gowrak hasyly ýygnap almagy meýilleşdirýärler.

















