“Sakarçäge” maldarçylyk hojalygy 836 sany köşek almagy meýilleşdirýär

BT
“Sakarçäge” maldarçylyk hojalygy 836 sany köşek almagy meýilleşdirýär
“Sakarçäge” maldarçylyk hojalygynda idedilýän düýeler we köşekler

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky “Sakarçäge” maldarçylyk hojalygy şu ýyl düýelerden köşek almak möwsüminde 1 müň 858 baş ene düýelerden, 836 sany sagdyn köşek almagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, hojalykda köşek almak möwsümi Şyhmansur, Hanguýy ýaýlalarynda geçirilýär. Ot-çöpli öri meýdanlar düýeleriň we ýaş köşekleriň gök otlardan doýmagyna, sagdyn ösmegine ýardam berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda şu ýyl düýelerden köşek almak möwsüminde bellenilen meýilnama 90 göterim ýerine ýetirildi.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, häzirki wagtda hojalykda mallaryň baş sany 4 müň 53-e deň bolup, şonuň 760 sanysy täze bolan ýaş köşeklerdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022