Özbegistanyň Prezidenti CAREC-iň çäginde sanly gümrük-logistika bileleşigini döretmegi teklip etdi

BT
Özbegistanyň Prezidenti CAREC-iň çäginde sanly gümrük-logistika bileleşigini döretmegi teklip etdi
Aziýa ösüş bankynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň 59-njy mejlisi, 2026-njy ýylyň 4-nji maýy, Samarkant, Özbegistan (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäginde “Sanly gümrük-logistika merkezini” döretmegi teklip etdi. Bu başlangyç 4-nji maýda Samarkant şäherinde geçirilen Aziýa ösüş bankynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň 59-njy mejlisinde beýan edildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, şeýle merkeziň döredilmegi gümrük amallaryny bir nusga getirmäge, sanly resminama dolanyşygyny ornaşdyrmaga hem-de serhetara ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmäge giň mümkinçilik berer.

Özbegistanyň Prezidenti öz çykyşynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň gurluşygynyň başlanandygyny hem belledi. “Bu taslama Gündogar–Günbatar ugrunda strategiki ulag geçelgesi bolup, sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrar, ýükleriň daşalşynyň wagtyny takmynan 10 güne çenli gysgaldylmagyna we ýylda 15 million tonna çenli ýükleriň daşamagynyň üpjün edilmegine garaşylýar” diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy.

CAREC maksatnamasy 1997-nji ýyldan bäri Aziýa ösüş banky tarapyndan utgaşdyrylýar we onuň düzümine Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan hem-de Özbegistan girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022