Merkezi Aziýa ýurtlary geljek ýylyň başynda täze iri möçberli howa taslamasyny işe girizmegi göz öňünde tutýarlar. Başlangyç howanyň üýtgemeginiň çaltlaşýan şertlerinde topragyň hasyllylygyny gorap saklamaga gönükdirilendir diýip, “Kazinform” agentligi çarşenbe güni “Jibek Joly” teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.
Taslama Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Onuň esasyna ylmy barlaglary, seljeriş maglumatlaryny we howanyň üýtgemegini hem-de onuň ýer baýlyklaryna täsirini çaklamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny goýmak meýilleşdirilýär.
“Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini göz öňünde tutup toplumlaýyn ýerden peýdalanmak” atly sebit maksatnamasynyň ýolbaşçysy Daniýel Gerekeniň bellemegine görä, bu başlangyç halkara tejribäni we ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmagyň döwrebap çemeleşmelerini birleşdirer.
Habarda bellenilişi ýaly, taslamany maliýeleşdirmek üçin ýüz tutma BMG-niň Ýaşyl howa gaznasyna ugradyldy. Bu taslama tassyklanylan ýagdaýynda onuň durmuşa geçirilmegine 2027-nji ýylyň başynda başlamak meýilleşdirilýär.

















