Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow ýekşenbe güni ýurduň paýtagtynda açylan “Ak şäherim Aşgabat 2026” (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde 2026-njy ýylda Aşgabat şäherinde sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň 2 milliard ABŞ dollaryna ýetip biljekdigini belledi.
Rahym Gandymowyň aýtmagyna görä, umumy önümçilik möçberiniň 45 göterimi ýa-da 900 million ABŞ dollary azyk önümlerine degişli bolar. Azyk däl önümleriň paýy bolsa 55 göterime — takmynan 1 milliard 100 million ABŞ dollaryna deň bolar. Ähli ugurlar boýunça bölek satuw dolanyşygynyň möçberi 30 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýar.
Häkim şäher ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagynda milli hususy pudagyň möhüm orun eýeleýändigini, onuň halkara hyzmatdaşlar bilen bir hatarda işjeň ösdürilýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurt maliýe institutlaryndan we işewürlik wekillerinden bildirilýän gyzyklanmalar Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyna ýokary derejedäki ynamy tassyklaýar.
Paýtagtda senagatyň esasy pudaklaryny tehnologik taýdan täzelemek işleri hem dowam edýär. Aşgabat şäheriniň häkiminiň bellemegine görä, häzirki zaman sanly çözgütleri we ýokary öndürijilikli enjamlar elektroenergetika, ýeňil we azyk senagaty, metal gaýtadan işlemek hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek pudaklarynda ornaşdyrylýar.

















