Aşgabatda 2026-njy ýylda 76 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

BT
Aşgabatda 2026-njy ýylda 76 sany ýaşaýyş jaýy gurlar
Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow “Ak şäherim Aşgabat 2026” atly köpugurly halkara maslahatynda çykyş edýär, 2026-njy ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: BT)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow ýekşenbe güni ýurduň paýtagtynda açylan “Ak şäherim Aşgabat 2026” atly köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde çykyş edip, 2026-njy ýylda Aşgabatdaky “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýynyň, söwda we hyzmat ediş merkezleriniň gurulyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýer Büzmeýin etrabynyň ýaşaýyş toplumynda 46 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we 4 müň orunlyk köpugurly medeniýet merkeziniň peýda boljakdygyny mälim etdi.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, ýurduň paýtagtynyň güni mynasybetli Aşgabatda 78 sany iki gatly kottej we 140 öýli iki sany köp gatly ýaşaýyş jaýy ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynda 78 sany bäş otagly iki gatly kottej ulanmaga berler, Berkararlyk etrabynda bolsa degişlilikde 60 we 80 öýli iki sany bäş gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de Baýmyrat Annamämmedow şu ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, 3380 orunlyk umumybilim edaralary we 1080 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary açylar.

Ähli taslamalar “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnamanyň umumy maliýeleşdiriş möçberi 41,2 milliard manat möçberinde kesgitlenildi. Şol serişdeleriň 68,5 göterimi önümçilik maksatly desgalara, 31,5 göterimi bolsa önümçilik däl düzümleriň gurluşygyna gönükdiriler.

2022