Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde çarşenbe güni “Turkmentextile Expo — 2026” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Turkmentextile Expo — 2026” halkara sergi-ýarmarkasynyň gatnaşyjylaryny gutlady. Döwlet Baştutany gutlagynda dokma senagatynyň milli ykdysadyýetiň ýokary depginlerde ösýän möhüm pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi.
Şeýle hem soňky ýyllarda pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylandygyny, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny we eksport ugurly önümleriň görnüşleriniň giňeldilendigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, ekologik taýdan arassa türkmen pagtasyndan öndürilýän dokma önümleri ýokary hili, tebigylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen halkara bazarlarda giňden ykrar edilýär hem-de dünýäniň köp sanly döwletlerine eksport edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti sergi-ýarmarkanyň işiniň netijeli geçjekdigine, ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Sergide dokma maşynlary we enjamlary, egin-eşik, aýakgap we deri önümleri, öý dokma önümleri, eko-dokma, himiki serişdeler we boýaglar, aksesuarlar, tikin furniturasy, moda, bezeg, gözellik hem-de zergärçilik önümleri sergilenýär. Şeýle hem sergide halkara we ýerli dizaýnerleriň gatnaşmagynda moda görkezilişleri hem-de ussatlyk sapaklary (master-klasslar) guralar.

















