Malaýziýa Türkmenistan bilen uglewodorodlar pudagynda ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär

BT
Malaýziýa Türkmenistan bilen uglewodorodlar pudagynda ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär
"Türkmenistanyň nebit we gazy – 2025" sergisinde PETRONAS kompaniýasynyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry, Aşgabat Türkmenistan

Malaýziýa Türkmenistan bilen 19-njy iýunda uglewodorodlar pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Malaýziýanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasir global üpjünçilik krizisi bilen bagly meseleleri boýunça geçirilen brifingde aýtdy diýip, Malaýziýanyň Döwlet habarlar agentligi BERNAMA penşenbe güni habar berdi.

Malaýziýanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň aýtmagyna görä, bu ylalaşyga gol çekilmegi ýurduň energetika üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreleriň biri bolar. Ol Malaýziýanyň energetika pudagynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirýändigini, şol sanda Türkmenistan bilen uglewodorodlar babatda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini belledi.

Akmal Nasrulla Mohd Nasir global şertlere garamazdan, Malaýziýanyň energetika ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we üpjünçilik çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işlerini dowam etdirýändigini hem nygtady.

Mundan ozal Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim PETRONAS milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky geljegi uly gaz taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligine seredýändigini mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, iýun aýynyň ortalarynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin malaýziýaly wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada ozal "Bloomberg" halkara habarlar agentligi habar berdi.

2022