Iýun II hepde: TDHÇMB-da $19,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

BT
Iýun II hepde: TDHÇMB-da $19,5 millionlyk geleşik baglaşyldy
Birža söwdalaryndan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 19 million 507 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy hem-de nah ýüplük ýerlenildi.

Mundan başga-da, türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 244 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, pagta ýagyny, nah ýüplügi, nah matany we pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 54 sany geleşik hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022